Polat otda taplanýar
Halypa diýmek bu näme? Men hemişe pikir edip, ol, haýsy
hem bolsa bir ugurdan seni kämil ýetişdiren şahsyýet hökmünde kabul ederdim.
Mekdepde synp ýolbaşçyň, gurnakda topar ýolbaşçyň, ýokary okuwda çeper
ýolbaşçyň, işde-zähmetde bolsa, uzak ýyllaryň dowamynda öz ugrunyň ussady
bolup, seniň ýol görkeziji halypa mugallymyň
hasaplardym. Seredip otursam, meniň özüme halypa hasaplaýanlarym sanardan köp
bolup oturyberdi. Esasan hem saz ugry boýunça bu söze köp gabat gelerdim.
Halypaň kim? diýenlerinde oglanlar “Akmyrat Çary, Hangeldi Annamyrat” -diýip
jogap bererdiler. Meniň dutar mugallymlarym bolsa, ýaş tejribelige gelen
mugallymlardy.
Oturyp oýlanýaryn, meniň şu
halypalar temasyna yzygiderli ýüzlenmegimiň sebäbi nämedekä? Görüp otursam,
daş-töweregimizi durşuna halypalar gurşap alan bolsa nätjek? Ynha, türkmen
döwlet medeniýet institutyny durşuna halypa. Okuwy tamamlap, Oguz han adyndaky
“Türkmenfilm” birleşigine bardym, bu ýerde hem sungat ussatlary. Medeniýet
ministrligine barsam, Öwezmyrat Ýerbendi, Agamyrat Baltaýew, Jemile Gurbanowa
ýaly alymlar güler ýüz bilen garşyladylar. Redaksiýa gelsem, Türkmenistanyň
Gahrymany halypa şahyr Gözel Şagulyýewa, Nowruz Gurbanmyradow, Süleýman
Ilamanow, Meretgylyç Ýagmyrow, Myrat Hudaýgulyýew, Ogulkeýik Paşşyýewa, Keýik
Umarowa dagylar galam ýöretmekde öz maslahatlaryny berýärler. Telewideniýede
bolsa, Bibi Welmyradowa, Çapar Muhammetgulyýew, Baýramgylyç Ýazgylyjow, Setdar
Abdyýew ýaly halypalar bilen işleýäris. “Polat otda taplanýar” diýişleri ýaly heý-de bu halypalaryň ýörän ýoluny eýeren
şägirtler bihal boljakmy!? Olaryň elinden çykýan şägirtleriň sany barda, sajagy ýok. Olaryň maslahatlaryny
alyp, biz ýaşlar kämilleşýäris, taplanýarys.
Görşümiz ýaly, meniň bu tema
häli-şindi ýüzlenip durmagymyň özüne ýetesi sebäbi bar ekeni. Men olaryň her
haýsy hakynda içgin gürrüň bermesem, özüme rahatlyk tapmaýaryn. Olaryň her
haýsyna baryp, dilde däl-de, hut ýazgyda hemmeler olara bolan sylag-sarpamy,
hormatymy bilsinler diýip, öz şägirtlerine guwansynlar diýip ýazýaryn. Ynha, bu
gün hem şol halypalaryň biri Gapbar Hümmedow barada başdan geçirenlerimizi
siziň bilen deň paýlaşmak isledim.
Gapbar Hümmedow 1952-nji ýylyň 18-nji sentýabr aýy Lebap welaýatynyň
Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginde daýhan maşgalasynda eneden bolýar.
1959-1969-njy ýyllarda şol ýerdäki 20-nji orta mekdepde orta bilim alýar.
1971-1973 nji ýyllar aralygynda Watan goragynda bolýar. Çehislowakiýa
döwletinde gulluk döwründe her hepde 3 gezek kino görkezilişigi geçirilýär
eken. 2030 adamdan ybarat bolan harby polkda gezekli-gezegine kino klubda
filmlere tomaşa ediler eken. Ýaş esger ýigit Gapbar, tomaşa eden filmlerine şol
döwürlerden başlap syn ýazýar. Ony sungat döredijilik öz erkine goýmaýar. Uzak
aralykda öýündäkilere ýollan hatlaryny onuň aýal dogany häli-häzire çenli garry
öýlerinde aýap saklapdyr. Gapbar aga arada dogduk mekanyna baryp, şol gulluk
hatlaryny okap, şol döwürlere bir dem syýahat edip, ýatlamalar ummanyna çümdim
diýip, özi üçin taryhy ähmiýeti bolan täsirli gürrüňleri etdi.
Gulluk borjyny ýerine ýetirip gelen sungata teşne
ýigidiň hyjuwy joş urýar. Ol, kakasyna
sala salyp kino ugrundan artist boljak diýýär. Bu teklibe gahary gelen Bally
aga:
-Biziň maşgalamyzda şu wagta çenli maýmyn bolup ýören ýok! Indem, tur şu
ýerden -diýip, aýgytly hereket bilen öz ugrundan tehnikuma eltip okuwa
ýerleşdirýär. Alaçsyz galan Gapbar öz pederiniň raýyny ýykmaýar. 1973-1976-njy
ýyllar Aşgabat şäheriniň Gidromelioratiw tehnikumynyň meliorasiýa bölümini
tamamlaýar. 1976-1981-nji ýyllar bolsa öz kakasynyň elinde Kerki şäherinde
suwaryş sistemasynda inžiner bolup işleýär. Ol, haýsy hünärde zähmet çekse-de gazet žurnallary, kino we
teatr hakynda kitaplary, çeper edebiýatlary elinden düşürmeýär.
Günleriň birinde
“Edebiýat we sungat” gazetinde medeniýet-sungat ugrundan okuwa kabul
edilýär diýlen bildirişiň üstünden barýar. Bu kalbynda guýma gursak
zehiniň joş urýan ýürek urgusyna bat
berýär. Kakasy Bally agadan bir günlik
Aşgabada baryp gaýtjak diýip, asyl matlabyny aýan etmän, rugsat alyp synaga
gaýdýar. Şol döwürki Puşkin köçesiniň
14-nji jaýynda ýerleşýän Döwlet kinosyna gelse, dalaşgärlerden ýaňa aýak
basara ýer ýok diýýär. Gezek ýetip Gapbar hem synaga girýär. Ýaşyň ötüşen soň
aktýorlyga kabul edilmeýär eken. Režissýorlyga bolsa, Kerim Annanow, Bilbil
Mämmedow ýaly köp ýyllaryň dowamynda
“Türkmen film” birleşiginde işlän oglanlar bilen çölden gelen rus
dilinde ’’Hleb, woda, kuşat’’ (suw, çörek, iýjek) diýmekden başga söz bilmeýän
oba oglanyna “olar bilen deňleşmek başartmaz”diýip, “Kino öwreniji” ugryny
saýlap alýar. Synag toparynda Halmämmet Kakabaýew, Lora Stepanskaýa, Baýram Abdyllaýew dagylar
sorag baryny ýagdyrýarlar. Sungatdan öň hem habarly bolan, Gapbar olaryň beren
soraglaryny kanagatlandyrýar. Soňra oňa, teatrda gidýän spektakllary ýazmagy
tabşyrýarlar. Spektakllary ýatdan bilýän Gapbar, salymyny bermän kagyza geçirip
berýär. Onuň ýazanlaryny okan halypalar “Şundan birzat çykjak” -diýip okuwa ýollamaga hödür edýärler.
Ol kino sungatyny öwrenji hökmünde Baýram Abdyllaýewi öz
halypasy hasaplaýandygyny aýdyp, entek mekdepde okap ýören döwürleri Baýram
aganyň kino hakynda ýazan makalalaryny, kitaplaryny okap, gaýybana
tanyşandygyny ýatlaýar. Soňra bolsa,
Moskwanyň Bütin soýuz kinematografiýaçylar institutyna 1981-nji ýylda okuwa girip, ol
kitaplary hem satyn alyp, ýany bilen alyp gidendigini we kino sungatyny inçeden
seljermäge uly kömek edendigini aýdýar. Okuwy 1986-njy ýylda tamamlap gelip,
Döwlet kinosynda redaktor bolup işe başlaýar. “Türkmenfilm” birleşiginde çeper
we çeper publisistik, dokumental filmlere redaktorlyk edýär. Soňra tejribe
toplap, kinodramaturgiýany düýpli özleşdirip, birnäçe awtorlyk eserlerini
ýazyp, kinossenariçi hem kinorežissýor hökmünde onlarça filmleri surata düşürýär.
Ol milli sungatymyzyň geçen täsin taryhy ýoly barada, onuň ussat
režissýorlarydyr, aktýorlary hakynda we dünýä kino sungatynyň dürli meseleleri
boýunça teleradio gepleşiklerinde çykyş edip, gazetdir-žurnallarda makalalary
yzygiderli taýýarlap, giň tomaşaçylar köpçüliginiň düşünjesini bu täsin sungat
hakynda giňeltmekde uly işleri alyp barýar. Häzirki wagtda türkmen döwlet
medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “Kino we teleradio
sungatlary” kafedrasynda kino we teatr sungaty boýunça bilim alýan talyplaryna “Kinonyň taryhy’ dersinden sapak berip,
şägirtleri ýetişdirip gelýär.Ine, şeýdip, sungata ilkinji gadamlary ädip, ynha
indi, otuz ýyl gowrak wagt bäri kino sungatyny öwrenmäge, döretmäge bagyş edip
gelýär.
Gapbar aganyň uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet
çekendigini nazara alyp, 2009-njy ýylda “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet
işgäri”diýen hormatly ada eýe bolýar.
Meniň kino sungatyna aralaşmagyma Gapbar Hümmedow sebäp
boldy diýsem hakykatdan daş düşmerin. Sebäbi, her hepde-de belli bir gün onuň, “Kino, kino, kino” atly telegepleşigi teleýaýlymda giderdi. Men
bu gepleşige sabyrsyzlyk bilen garaşardym, esasan hem hindi kinolary we olaryň baş gahrymanlarynyň durmuşy,
döredijiligi bilen bagly gyzykly, täsirli gürrüňleri ederdi. Men ekranyň
başyndan galyp bilmän, durkym bilen gulaga öwrülip tomaşa ederdim. Oturup pikir
ederdim, “Nädip kino düşip bolarka? Nädip aktýor bolup bolýarka” -diýip, esasan hem Gapbar aga
bilen duşuşmagyň arzuwyndadym.Onuň bilen özümi gyzyklandyrýan soraglary berip,
şöhbetdeş bolasym gelýärdi.
Nesibäm çekip, türkmen döwlet medeniýet institutyna kino
ugry boýunça okuwa girdim. Ynha,saňa gerek bolsa, Gapbar Hümmedow bizi “Kinonyň
taryhy”dersi boýunça okadýar eken.
Halypa bize kinonyň döreýşinden şu güne çenli geçen ýoluny gürüň bererdi.
Türkmen kinosyndan başlap, daşary döwletleriň nusgalyk filmlerine tomaşa
ederdik. Her filmden soň bolsa, döredijilik çekeleşmesi giderdi. Kime haýsy
sahna ýarady? Filmň niresi şowsuz bolupdur? Ýekeme-ýeke pikirlerimizi diňläp,
seljerme berşimize dykgat ederdi. Talyplaryň içinde bir agyz “Gowy kino eken” -diýip,
biparh garaýanlary bolsa, gatyrganardy. Tomaşa wagty ünsüň bölünip birje
sahnany ýatdan çykarsaň welin, özüne jaý tapmazdy. Sebäbi, halypanyň özi filmiň
änigine-şänigine, ädimine-ädim beletdi. Biziň hem şeýle bolmagymyzy gazanasy
gelýärdi. Näçe köp sowal berseň, şonça hem gyzyklanýanyňa begenip çuslanardy.
Ýyllar geçip, halypa bilen kärdeş bolduk. Men ondan
öwrenmegimi dowam edipdim. Oňa men aýak üstünde gezip ýören, hereketli ensiklopediýa
diýýärdim. Onuň kino sungaty barada bilmeýän zady ýok ahbetin. Kitaphana gidip,
kitap gatlaryny agtaryp oturmagyň hajaty ýok. Gapbar halypa bilen az salym söhbet edip otursaň,
gerekli maglumatlaryň aňryň bilen alyp bilersiň.
Onuň okuw otagynyň içi hemişe adamlydyr. Sapakdan boş wagty hem gelim-gidimi kesilmeýär.Sebäp
ol, hemmelere gerek adam. Kino düşürmek üçin ýaňy edebi esasyny ýazyp başlan
talyplardan başlap, ylmy iş bilen
meşgullanýan mugallymlar hem onuň ýanyna maslahata gelip, gerekli maglumatlaryny alyp gidýärler.
Ol, diýseň gürrüňçil, şadyýan adam. Aýdyp berýän wakasy göz öňüňde janlanyp durandyr. Haýsy temany
gozgasa hem, saňa düşnükli bolar ýaly, wakanyň içine girip, obraz bilen
düşündirerdi. Ýönekeý waka hem bolsa-da,täsirli, gyzykly ýetirmegi başarýar.
Onuň özi hem ýaşlykda aktýor bolmagy isläpdi. Käbir çeper kinolarda aktýor hökmünde çykyş edip ýatda galyjy keşpleri janlandyrypdy. Halypa hemişe
Dana baba, Aýaz baba, Babadaýhan ýaly gojalaryň, ýa-da hoşniýetli, hoşgylaw
pederleriň keşbinde aňymyzda ýatda galýar.
Ol, öz halypalarynyň, egindeşleriniň suratlaryny öz okuw otagynda sanaýmaly edip,
asyşdyryp goýupdyr. “Ynha, Ýagmyrjan!
Men şu ägirtler bilen zähmet çekdim. Döredijilikde ýörjen-yörjen wagtymda şu
halypalar maňa ýol görkezdi. Men olary hemişe ýatlap gezýärin, hemişe göz öňümde
dursalar welin, men olar bilen ýüzbe-ýüz oturyp didarlaşýaryn” -diýipdi. Men
hem Gapbar aganyň aýdanlaryndan ruhlanyp, onuň bu döwletli
başlan, başlangyjyny şägirt hökmünde dowam etdiresim gelipdi. Gapbar halypa maňa
hem foto arhiwinden elektron suratlary beripdi. Bu foto şekillerde
türkmen kinoçylarynyň surata alyş pursatlary, aktýorlaryň, režissýorlaryň kino toparlaryň ýadygärlik taryhy pursatlary
bardy. Men ol suratlary kagyza geçirip, okuw iş otagymyň içinde töwerekleýin
diwarlyklary taýýarlapdym. Instituda yzygiderli “Miras” teleradioýaýlymynyň
kino bölüminden ýazga gelip, meniň iş otagymda ýazgy ederdiler. Halypam “Bu diwarlyklaryň öňüne geçip çykyş
etsem, arkamda duran suratlardan ruhy goldaw tapýaryn. Hakykatdanam men bu suratlardan täsir alýaryn. Ýagmyrjan sen meniň çemçeläp
ýygnanja zatlarymyň gadyryny bilip, geljek nesil tanar ýaly edipsiň, seniň bu bitiren işiň
meni diýseň buýsandyrýar. Men saňa halypa şägirt hökmünde guwanýaryn” -diýipdi.Men
bolsa, her gezek ýazga gelenlerinde begenerdim. Çünki, özüm üçin täze öň
eşitmedik maglumatlarymy diňläp, edil bal arysy ýaly döredijilik gorumy
doldurardym. Bu ýere halypalar
Halmämmet Kakabaýew, Orazmyrat
Gummadow, Ilmyrat Bekmiýew, Bally Orazow,
Myrat Gurbangylyjow dagylar gelseler, olaryň her haýsy öz ýaşlyk döwürüni
gözleýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda egni-egne berip işleşen kino toparlarynyň
agzalaryny ýatlap gözýaşlar bilen bakyp, elimi gysyp, “Sogap iş edipsiňiz inim!
Sen bizi bir pursatlyk şol döwürlere syýahat etdirdiň” -diýip, öz
hoşallyklaryny aýdyp giderdiler. Muňa hem sebäp bolan Gapbar halypady. Ondan bäri on ýyl töweregi
wagt geçipdir. Aram-aram men öňki okuw iş otagyma baryp, ol diwarlyklara syn
edýärin. “Dama dam köl bolar” diýişleri ýaly, tutuş okuw otagyň içi surat bolup
dur. Şol öňkije durkunda muzeý gymmatlyklary ýaly, aýap saklaýar ekenler.
Halypam meniň bu herekedimi oňlap, soňra maňa kino we teatr sungatyna degişli kitaplary hem
sowgat berdi. -Ynha, bu kitapdan sen kinony söküp-düzüp analiz edip, syn
bermegi öwrenersiň. Bu kitapdan bolsa, kinodramaturgiýanyň inçe syrlaryny öwrenersiň.
Garaz maňa kinorežissýor hökmünde ol kitaplar bahasyna ýetip bolmajak hazynady, baýlykdy.
Men ol kitaplary özüm okanymdan soň talyplara geçirip, täzeden ikinji diplomy
alan ýaly duýgulary başdan geçiripdim.
Soňra Gapbar halypa öz arhiwindäki gözüniň göreji ýaly aýap,
saklap gelýän ähli kino eserlerini ýekän-ýekän getirip berdi. Bu saýlanan
eserleri men kompýuteriň huşuna salypdym. Halypa ol kinolary ömrüne ýygnap, iň
gowy eserler hasaplaýardy. Men ol kinolara tomaşa edip, durmuşa başgaça garadym.
Ýüzlerçe eseriň her haýsyndan nusga
alarlyk häsiýetlere gabat gelýärdim. Erbetligi, betniýetligi ýazgarýan,
durmuşda gabat gelip biljek säwlikleri hem ýagşy niýet bilen ýeňip geçip
bolýandygyny suratlandyrýan sahnalardan, özüňe sapak edinerlik wakalara baý
eserlerdi. Men bu ýagşylyklary üçin Gapbar mugallyma hemişe öz sagbolsunlarymy
aýdyp gelýärin.
Gapbar aganyň gepleşiklerine tomaşa eden adamlar,“Haçanda
Gapbar aga kino hakynda gürrüň berse, biz ol kinony görüp oturan ýaly duýgulary
başdan geçirýäris. Hat-da ol film bize ozal tanyş hem bolsa-da, içgin görüp
bilmedik zatlarymyza, akyl ýetirip düşünip bilmedik zatlarymyza,ünsden düşüren
sahnalarymyza doly anyk manysy bilen jikme-jik düşünýäris” -diýip aýdýarlar. Dogrudanam
ol şeýle gürrüňçil adam. Her dürli mysallar
bilen aýdýan zatlaryny düşüner ýaly jan edýär. Uly bilen uly ýaly, kiçi bilen
kiçi ýaly, giň göwünli sada ýönekeý adam.
Halypa bilen ýolagçy bolan mahalyň ony gören adamlar “Han-ha
kino daýy gelýär”-diýip, tanaýarlar. Hemişe ekranyň aňyrsynda görüp ýören
adamyňa onda-da, sylap-hormat goýýan adamyňa hakyky durmuşda sataşanyňda
üýtgeşik duýgy gaplap alýar eken. On edil suratkeşiň çeken eseri ýaly içgin synlaýarsyň.
Haçanda ol adam bilen kärdeş, pikirdeş bolup hemişe bir howludan girip-çykmak
bu başga duýgy. Has dogrysy, seniň pikriňe ähmiýet berip, seni goldap, öz
egindeşi hökmünde hormatlan pursatlary
bolsa, dil bilen aýdyp bolmajak duýgular. Sen onuň ýanynda özüňi çaga
ýörjen-ýörjen hasap edýärsiň. Onuň ýanynda artyk gürlemezlige çalyşýarsyň.
Ýalňyşaýmaýyn diýip seresap bolýarsyň emma, Gapbar halypa göwni pes adam. Seniň
ýalňyşyňa hem emaý bilen ýönekeýlik, sadalyk bilen seni ynjytman düşündirmegi
başarýar. Howwo ol, şeýle mährem, mähriban hoşamaý, sypaýy adam. Hiç haçan
adamynyň göwnüne degmez. Ol göýäki bir, asmana gol uzadyp duran goja Çynary
ýatladýar. Biz ýaş kinoçylar bolsa, onuň saýasynda kölegeläp, onuň
belentligine, beýikligine bärden syn edip, şeýle ägirdiň şägirdidigimize çäksiz
buýsanýarys, guwanýarys.