Ilmyrat Bekmiýew

1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda doglan Ilmyrat Nazarowiç Bekmiýew ilkinji sapaklaryny pederi, ussat aktýor Nazar Bekmiýewden alyp, çagalykdan sungatyň jümmüşinde bolýar. Nazar aga 6-7 ýaşlyja ogly Ilmyrady öz zähmet çekýän ýeri bolan Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna alyp gider eken. Ilmyrat çagalykdan spektakllary görüp, şol döwrüň artistleriniň hemmesi bilen di[1]ýen ýaly tanyşýar. Us­sat ses re­žiss­ýo­ry Han­gel­di Agahanow Bekmiýewler bilen goňşy ýaşaýar eken. Bir gün ol “Çagajygyň sesi gerek” diýip, Il[1]myrady kinostudiýa alyp barýar. Ilmyrada ilkinji gezek daşary ýurt kinosynda bir çaganyň keşbine ses bermegi ynanýarlar. Ol bu synagdan erjellik bilen baş alyp çykýar. Ilmyrat 1947 — 1958-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdepde okap, orta bilim alýar. Şol döwürden kino surata düşürmek höwesi ony öz erkine goýmaýar. Mekdebi tamamlap, kinostudiýa barýar. Görse, tut agajynyň aşagynda meşhur aktýor,       gör­nük­li ki­no­re­žiss­ýor Al­ty Garlyýew küşt oýnap oturan eken. Ilmyrat onuň ünsüni bölmäýin diýip, ýakynyna baryp, synlap durýar. Alty aganyň bar ünsi küşt oýnunda eken. Oýun tamamlanandan soň Alty aga: —         Kim aýt bi? Nä­me how üs­tü­me aba­nypdur­suň? —– diýip, küşti täzeden düzüp başlaýar. — “Al­ty Gar­ly­ýe­wiç, men siziň ýanyňyza işe girmäge geldim. Siz “Aýna” atly kinony surata düşürip başlapsyňyz. Menem şonda işlemek isleýän” diýdim welin, ol ýüzüme bir seretdi-de: “Ilmyrat, senmaýt bi! Sen bolsaň hökman kino işe alarys” diýip, meni öz ýanyna re­žiss­ýo­ryň kö­mek­çi­si edip, işe kabul etdi. Soňra “Daşgaladaky wa­ka” fil­min­de re­žiss­ýo­ryň assistenti bolup, işimi dowam etdim. Nesibäm çekip, Polat Man­su­ro­wyň ikin­ji re­žiss­ýo­ry wezipesine çagyryp, ynam bildir­di­ler — di­ýip, Il­my­rat aga gürrüň berdi. “Şükür bagşy” filmi, megerem,   Aman Handurdy bolmadyk bolsa, şeýle meşhurlyga eýe bolup, türkmen halkynyň aňynda ebedi ýaşamagyny dowam etmese etmezdem. Bu baş keşp tüýs jüpüne düşüpdir. Fizika ylmyndan alym mugallymy hut Ilmyrat Bekmiýew  Polat  Man­su­ro­wyň ikin­ji ki­no­re­žissýory bolup işläp ýörkä, köp gözlegleriň, netijesinde tapyp getirýär. Polat aga Aman Handurdyny synlap, saz çaldyryp görýär. Oňa göwni ýetip, Ilmyrady ýanyna çagyryp, “Maňa başga aktýor gerek däl, men bu adamy Şükür bagşynyň keşbine tassyklaýaryn” diýýär. Barha tejribe toplap, taplanýandygyny gapdaldan göz astyna alyp ýören Alty Garlyýew ony “Aýgytly ädim” fil­mi­ne re­žiss­ýo­ryň kö­mek­çi­si edip işe kabul edýär. Ýaşlygyna garamazdan, ähli köpçülik sahnalary oňa ynanýar. Re­žiss­ýor  ge­lip, “Taý­ýar­la­nyň, başlaň!” diýýänçä ähli guramaçylyk, taýýarlyk işlerini Ilmyrat Bekmiýew ýekeme-ýeke gözden geçirip, başlabermeli derejesine ýetirýär. Alty Garly Sary  Garryýew ýaly aktýorlary tapman,        gahar-gazaby ýetjek derejesine ýeten mahaly, kellegabyny ýere taşlap, aýaklary bilen basgylap, içini boşadyp, sowaşmaga çalyşýar. Şol pursat onuň ýanyna hiç kes barmaga milt edip bilmez eken. Diňe kömekçisi Ilmyrat onuň ýanyna baryp, kellegaby ýerden galdyryp, kakyşdyryp, silkişdirip, Alty Garla “Sary aganyň nirede bolýandygyny men bilýän” diýip, dessine ony surata alyş meýdançasyna getirer eken. 1966-njy ýylda bu çeper filmi döretmäge gatnaşandygy üçin ol Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglandy. 1970 — 1975-nji ýyl­lar­da ol Sankt-Peterburg şäherindäki Teatr, saz we kinematografiýa döwlet institutynda “Kinorežis­su­ra­sy” hü­nä­ri­ni ele al­ýar. Ýurdumyza dolanyp geleninden soň, birnäçe filmi surata düşürýär.   1977-nji ýylda ol Türkmenistanyň Kinematografiýaçylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Ilmyrat Bekmiýew “Jadyly hünji hakda erteki”, “Akpamyk”, “Jennetiň bagy”, “Ak guşuň owazy”    ýaly çagalar üçin erteki filmleri surata düşürýär. 1991-nji ýylda ol “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly ada eýe bolýar. Ilmyrat Bekmiýewiň aktýor hökmünde döreden keşpleri ululykiçili bolup, ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar. “Şükür bagşy” filminde kiçiräk sahnada surata düşen bolsa, öz surata düşüren “Ýyldyzlar öçmeýär” atly filminde goja seýsiň keşbini ýerine ýetirdi. Halypa “Ebedilige ädilen ädim” atly çeper-publisistik filmini meşhur aktýor, görnükli ki­no­re­žiss­ýor Al­ty Gar­ly­ýe­we bagyşlap döretdi. Bu film kino sungatynyň inçe tärlerini öwrenýänler üçin okuw filmi bolup hyzmat edýär. Ol hemişe gözlegde. Haçan ýanyna barsaň, kitap gatlaryny agtaryşdyryp, täze keşpleriň gözlegindedir. Men halypany talyplyk ýyllarymdan bäri tanaýaryn. 2005-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Kino we teleradio sungatlary” kafedrasy Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň binasynda ýerleşýärdi. Biz bu ýerde surata düşürilýän filmlerde okuw tejribeligini geçerdik. Bize ýolbaşçy edip, Ilmyrat halypany berkiderdiler. Her ýylda onlarça çeper we dokumental filmler surata düşürilerdi. Halypa bizi şol filmleriň iş pursatlarynyň gaýnap joşýan ýerine ýollardy. Haý­sy re­žiss­ýor­dan nä­mä­ni öwrenip boljakdygyny aýdardy. Biriniň surata alyş pursatlaryna iber­se, beý­le­ki­si­niň mon­taž otagyna salardy. Biriniň ses beriş pursadyna gatnaşsak, ýene biriniň edebi esasy taýýarlaýan pursatlaryna barardyk. 2009-njy ýylda Ilmyrat aga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “Kino we teleradio sungatlary” kafedrasyna “Kino­re­žis­su­ra­sy” hü­nä­ri bo­ýun­ça mugallymçylyk işine geldi. Men okuwy tamamlap, Ilmyrat halypanyň okadýan talyplaryna topar ýolbaşçy bolup işe başladym. Onuň sapaklaryna gatnaşyp, talyplar bilen ikinji gezek okuwy tamamlan ýaly boldum. Halypa birinji ýyl talyplara edebi esasy ýazmagy öwrederdi, ikinji ýyl bolsa, filmleri surata düşürerdiler. Ol filmleri meniň bi­len mon­taž-sep­le­ýiş iş­le­ri­ni ýerine ýetirerdi. Bir gezek şeýle waka boldy. Iki kadry sepläp bilmän, gara kösem bolduk. Her edip, hesip edip, baş alyp çykyp bilmedik. Halypa welin ikibaka pelesaň urýardy. «Birje kadr üçin şeýle urunmak bolar oguşýa, şonsuz bolmaýar­my­ka?»  di­ýip­dim. Ol bol­sa, “Hökman bolaýmaly. Men şol kadry surata alanym ýadyma düşýär. Gözläň, tapyň!” diýip, talap edýärdi. Biz ilik-düwme elekden geçirsek-de tapmandyk. Ýüzlerçe kadry täzeden geçdik. Asyl görüp otursak, ol gysgajyk kadr ekeni. Ol meniň “Şowsuz alnan kadrdyr, gerek hem bolmaz” diýip, pozan kadrym bol­sa nät­jek? Ana, şol kad­ry ýerine goýduk welin, işimiz ugruna gidiberdi. 2011-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň täze okuw binasy açylyp ulanylmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň şol gün instituta kinony surata alýan on sany kamerany sowgat berdi, Ilmyrat aga bilen söhbetdeş boldy, şeýle hem türkmen medeniýetini ösdürmäge goşan goşandyny nazara alyp, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup, Ilmyrat Bekmiýewe “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ady dakdy. I.Bekmiýew häzirki wagt hem re­žiss­ýor­la­ry ýe­tiş­dir­mek üçin jan aýaman zähmet çekýär. Onuň şägirdi Batyr Batyrow talyplyk döwründe Ilmyrat halypadan öwrenenlerini özüniň surata düşüren filmlerinde görkezmegi başardy.   Ol häzir Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde zähmet çekýär. Onuň ilkinji özbaşdak filmi bolan “Kämillige ýol” atly çeper filmi halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. I.Bekmiýewiň kakasynyň ady dakylan agtygy Nazar Bekmiýew çagalykdan kino surata düşmäge girişdi. Gyz agtyjagy Merjen Bekmiýewa bolsa “ Teatr we kino aktýory” hünärini ele alyp, häzirki wagtda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda aktrisa bolup işleýär.                                                                                                                                       

                                                                                                                                                                                                                                                                                                                              Ýagmyr TÜRŞEKOW.